BIZNES

Türkmenistan Gyrgyzystana 2 mlrd kilowatt/sagat elektrik togy iberdi

2022-nji ýylyň 10 aýynda Gyrgyz Respublikasy Türkmenistandan we Gazagystandan 2,6 milliard kilowatt/sagat elektrin energiýasy satyn aldy.

Ýurduň Milli statistika komitetiniň hasabatynda bellenilip geçilişi ýaly,  eksport edilen elektrik energiýasynyň esasy möçberi, ýagny 2 milliard kilowatt/sagatdan köprägi Türkmenistandan satyn alyndy. 580.1 million kilowat/sagat elektrik energiýasy Gazagystandan Gyrgyzystana gelip gowuşdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňerşdirilende, Türkmenistandan iberilen elektrik energiýaysnyň möçberi 6 esse, Gazagystandna iberilen elektrik energiýasynyň möçberi 7 göterim artdy.

Gazak elektrik energiýasynyň bahasy 1 kilowaty 1,57 soma, türkmen elektrik energiýasynyň 1 kilowaty 2,47 soma deň boldy.

Related posts

Gazagystan sanly tenge platformasy işe girizildi

«Rysgal» bank «RysgalPay» töleg hyzmatyny işe girizdi

Özel sektörde kayda değer başarı kazanılıyor

vepa

Leave a Comment