SPORT

Messiniň suraty pul birligine ýerleşdiriler

36 ýyldan soň Argentinanyň dünýä çempiony bolmagyna uly goşant goşan Lionel Messiniň suratyny ýurduň pul birliginde çap etmek göz öňünde tutulýar. Argentinanyň Merkezi banky Messiniň suraty bolan pul banknotlaryny neşir etmegi göz öňünde tutýar.

Argentina soňky gezek 1986-njy ýylda Meksikada geçirilen dünýä çempionatynda çempion bolupdy. 36 ýyldna soňra şu ýyl Katarda geçirilen dünýä çempionatynda Lionel Messiniň öňbaşçylygynda Argentinanyň milli ýygyndysy 3-nji gezek dünýä çempiony bolmagy başardy.

Şonuň üçin ýurduň Merkezi bankynyň 1000 peso möçberindäki pul birligine Messiniň suratyny ýerleşdirmegi göz öňünde tutýandygy bellenilýär.

Eger ýurduň bank ulgamynyň ýadygärlik pul çap edilen halatynda, bu ilkinji gezek amala aşyrylýan ýagdaý bolmaýar. Sebäbi mundan ozal, 1978-nji ýylda Argentina ilkinji gezek dünýä çempiony bolan wagty hem ýadygärlik pullary çap edilipdi.

Şeýle hem Argentinanyň ozalky birinji hanymy Ewa Peronyň aradan çykmagynyň 50 ýyllygynda hem ýadygärlik pullary neşir edilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri