Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň maşgalasy Emine Ärdoganyň howandarlygynda yöredilýän “Nol galyndy” taslamasy, BMG tarapyndan goldanyldy we 30-njy mart “Halkara nol galyndy güni” diýip yglan edildi.
Bäş ýyl ozal Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň maşgalasy Emine Ärdoganyň howandarlygynda başlan nol galyndy taslamasy galyndylaryň öňüni almak, şäher häkimlikleri tarapyndan olary seljerýän we gaýtadan işleýän ulgamlary döretmek, gaýtadan ulanýan innowasiýa taslamalaryny işläp düzmek, serişdeleri tygşytly ulanýan önümçilik modellerini köpeltmek ýaly howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm ähmiýetli ädimleri öz içine alýan bu başlangyç, birnäçe ýylyň dowamynda diňe Türkiýede däl eýsem dürli halkara platformalarynda hem öňe çykdy.
Sentýabr aýynda Emine Ärdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi dowamynda Nýu-Yorkda BMG-nyň Baş Sekretary bilen duşuşdy we klimat krizisine garşy göreşiň çäginde ikitaraplaýyn “Global nol galyndylary” hoşniýetlilik jarnamasyna gol çekdi.
Jarnamada şu sözler bar:
“Pariž şertnamasy we 2030-njy ýyl Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin, galyndylary durnukly dolandyrmak bilen howanyň üýtgemeginiň arasyndaky berk baglanyşyga düşünmek bilen bir hatarda, galyndylaryň öňüni almak, azaltmak, gaýtadan işlemek we gaýtadan ulanmak usullaryny kabul edýäris. Galyndylary dolandyrmagyň durnukly tejribesini durmuşa geçirmäge borçlanýarys.
Bütin dünýäde nol galyndy düşünjesini öňe sürmek, has giňden tanatmak we durmuşa geçirmek üçin iň oňat tejribeleri paýlaşmaga söz berýäris. Mundan başga-da bu ugurda kampaniýalary, maksatnamalary, taslamalary we çäreleri goldamagy wada berýäris.
Biz şuňa meňzeş galyndylary dolandyrmak syýasatynyň ösdürilmegine goşant goşmak bilen, Türkiýäniň nol galyndy taslamasy ýaly taslamalardan alnan sapaklary we iň oňat tejribeleri paýlaşmagy maksat edinýäris. BMG agza ýurtlary, BMG ulgamynyň guramalaryny we jemgyýetiniň agzalaryny, hususy pudagy, habar beriş serişdelerini we ýerli hökümetleri, galyndylaryň howanyň üýtgemegine edýän ýaramaz täsirini azaltmak üçin strategiýalary we tagallalary birleşdirmäge çagyrýarys”
BMG-nyň Baş Assambleýasynda Türkiýäniň “Nol galyndy” Karary kabul edildi.
BMG Baş Assambleýasynyň soňky mejlisinde, howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş meýilnamalarynyň çäginde Türkiye tarapyndan teklip edilen “Nol galyndy” Karary kabul edildi.
BMG Baş Assambleýasy Türkiýe tarapyndan teklip edilen Karary biragyzdan kabul etdi we bu başlangyja 105 döwlet hem goşuldy. Bularyň arasynda Azerbaýjan, Birleşen Arap Emirlikleri, Bangladeş, Indoneziýa, Finlýandiýa, Italiýa, Şwesiýa, Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlar bar.
Baş Assambleýa 30-njy marty “Halkara nol galyndy” güni diýip yglan etdi
Kararyň kabul edilmegi bilen 30-njy mart Halkara Nol Galyndy güni hökmünde belleniler we ygtyýarlyk möhleti 3 ýyl bolan maslahat geňeşi dörediler.
Sarp ediş we önümçilik ýaly meseleleri çözmegi dowam etdirmegiň zerurdygyna üns çekýän bu Karar, agza ýurtlary, BMG we beýleki halkara we sebit guramalary zir zibil taşlaýyş başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge çagyrýar.
Nol galyndy başlangyjynyň 5 ýyllygy mynasybetli sammit
BMG Baş Assambleýasynyň ýygnagynda “Nol galyndy” baradaky kararyn we 30-njy mart Halkara nol galyndylar güni kabul edilenden soň, Prezident Rejep Taýýyp Ärdoganyň maşgalasy Emine Ärdoganyň howandarlygynda Stambulda “Nol galyndylar sammiti” geçiriler.
Sammit 23-nji dekabrda Haliç Kongres merkezinde geçiriler. Sammitiň mowzugy – klimat we ýaşlar.
Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň maşgalasy, hanym Emine Ärdogan, daşky gurşawy goraýjy guramalaryň wekilleri we alymlar bilen bilelikde ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy göreşe çagyrmagy maksat edinýän bu sammite gatnaşar.
Sammitde iň ökde nol galyndy tejribesini durmuşa geçirýän ýerli hökümet, hususy pudak kärhanalary, döwlet edaralary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine sylaglar beriler