MEDENIÝET

«Türkmenfilm» birleşigi: Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi iledeşlerimiz üçin Täze ýyl baýramy üçin sowgatlary taýýarlaýar. Iki sany gysga film – W.Işangulyýewiň «Täze ýyl» aýdym-sazly komediýasy we K.Garaýewiň «Täze ýyl şowhuny» atly filmi taýýarlady. Bu filmleri milli telewideniýe boýunça tomaşaçylara görkezmek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda bellenilip geçilýär.

Türkmen kinematografçylarynyň döredijilik bukjasynda başga taslamalar hem az däl, şu günler olaryň üstünde köp işler alnyp barylýar. Bular öňden gelýän milli gymmatlyklar baradaky üç sany dokumental filmdir. Olaryň biri türkmen alabaýy, ikinjisi alaja, üçünjisi bolsa gadym döwürlerden bäri mukaddes saýylyp, belent tutulýan çörek bişirilýän tamdyr hakynda gürrüň berýär.

«Hüýrlukga – Hemra» dessanynyň film edilmegi-de, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň halk arasynda ýaýradylmagyna hyzmat edýär. Dessanyň gyzyklylygy we umumy ynsanperwer ugry onuň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň arasynda-da, giň meşhurlygyny şertlendirdi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi ýakyn geljekde «Rowaýat» we «Gyzyl alma» atly taryhy gysga filmleri-de tomaşaçylara hödürlemäge taýynlanýar.

Ýene-de okaň

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi