JEMGYÝET

Awaza sammiti: Prezident Ärdogan Türkmenbaşy şäherine geldi

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammiti geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenbaşy şäherine geldi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet sahypasynda bellenilişi ýaly, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

Şeýle hem halkara howa menziline garşylamaga gelenleriň arasynda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral hem bar. Türkiýäniň ministrler sammitiň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäherine gelip, birnäçe üçtaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Prezident Ärdogan bilen Türkmenbaşy şäherine maşgalasy Emine Ärdogan we söwda ministri Mehmet Muş geldiler.

Türkiýäniň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan görnüşindäki üçtaraplaýyn sammite gatnaşar.

Ýene-de okaň

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar