JEMGYÝET

Daşary işler ministrleri : Üçtaraplaýyn duşuşyk başlaýar

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, we Türkiýäniň arasynda geçirilýän döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn Sammitiniň çäklerinde 3 doganlyk ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki duşuşygy başlaýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ministrler duşuşyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy, Daşary işler ministri Raşit Meredow we dostlukly ýurtlaryň daşary edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşyk başlady. “Ata Watan Media” topary üçtaraplaýyn Sammiti we Sammitiň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar baradaky habarlary gyzgyny bilen Size ýetirmek üçin Sammite gatnaşýar.

Ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanynlarynyň üçtaraplaýyn Sammitiniň ýokary derejede geçiriler we bu Sammitiň çäklerinde taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar.

Ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň Türkmenistana sapary bolupdy.

 

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri