DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi.

Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy we täze geljegi uly taslamalara gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz BAE-däki hyzmatdaşlaryň gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk tekliplerine türkmen tarapynyň seretmäge taýýardygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, bu düzümiň işi söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, oba hojalygy, ulag-kommunikasiýalar we beýleki esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda işewürlik üçin ähli şertleriň döredilmegi, şol sanda kanunçylyk binýady, syýasy we durmuş durnuklylygy, senagat taýdan depginli ösüşi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

* * *

Şeýle hem şu gün senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministr Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna, gurluşyk, elektroenergetika, awtomobil ýollary gurluşygy we himiýa senagaty pudaklaryna, maliýe-ykdysady toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Ýangyç-energetika toplumy, maliýe-bank ulgamy, gaýtadan işleýän we senagat pudaklary, gurluşyk ýaly strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi