DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynda saparda bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa gurnan metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, 6-njy dekabrda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda gepleşikler geçiriler. Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa barar.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tükrmen-rus hyzmatdaşlygyny, sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini, şol sanda köptaraplaýyn formatdaky (GDA, “Merkezi Aziýa+Russiýa”, “Hazar bäşlisi”, BMG) gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşarlar.

Related posts

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Eýranyň Gülüstan welaýatynyň hakiminiň Aşgabada sapary

Görnükli halypa diplomatyň hormatyna dabaraly çäre

Leave a Comment