Düýn, habar berşimiz ýaly, futbol boýunça dünýä çempionaty badalga aldy. Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy Ekwadordan 2:0 hasabynda asgyn geldi.
Şu gün hem dünýä çempionaty 3 duşuşyk bilen dowam eder. Geçiriljek duşuşyklar şeýle:
“B” topary
Angliýa – Eýran
Duşuşykda braziliýaly emin Rafael Klaus eminlik eder. Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlaýar.
“A” topary
Senegal-Niderlandlar
Duşuşykda Wilton Pereira Sampaio eminlik eder. Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlaýar. Bu iki milli ýygyndy ilkinji gezek özara duşuşyk geçirýär.
“B” topary
ABŞ – Uels
Duşuşykda katarly emin Abdulrahman Al Jassim eminlik eder. Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlaýar. 64 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşýan Uelsiň milli ýygyndysy ýeňiş gazanmagy arzuw edýär.