SPORT

Ertir dünýä çempionaty badalga alýar

Ertir Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty badalga alýar. Bu dünýä çempionaty häzirki wagta çenli geçirilen iň gymmat futbol çempionatlarynyň biri bolar.

Katar bu çempionaty gurnamak hukugyna eýe bolan döwründen häzirki güne çenli geçen 12 ýylyň dowamynda 300 milliard dollar sarp etdi.
Ýakyn Gündogardaky ilkinji dünýä çempionatyna 1 milliondan gowrak futbol janköýerleriniň gelmegine garaşylýar.
Dünýä çempionaty üçin 7 sany stadion, stadionlaryň arasyndaky aragatnaşyk üçin metro ulgamy, howa menzili, hassahanalar, myhmanhanalar we söwda merkezleri guruldy.

Mundan ozal, 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatyny gurnan Russýanyň çempionat üçin 11,6 milliard dollar sarp edendigi bellenilýär.

TAKMYNAN 5,4 MILLIARD DOLLAR GIRDEJÄ GARAŞYLÝAR

Kataryň bu çempionatdan 5,4 milliard dollar girdejä garaşýandygy mälim edildi. Soňky gezek geçirilen dünýä çempionatyny teleýaýlymlardan 3,6 milliard adam tomaşa eden bolsa, bu çempionaty 5 milliard adamyň tomaşa etmegine garaşylýar.

ILKINJI DUŞUŞYGYŇ EMINI  – DANIEL ORSATO

Ertir dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygy Katar bilen Ekwadoryň arasynda geçiriler. 60 müň orunlyk “Al Baýt” stadionynda geçiriljek duşuşykda 46 ýaşyndaky italiýaly emin Daniel Orsato eminlik eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar. Bu duşuşyk 200-den gowrak ýurtda alnyp berler.

 

 

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi