BIZNES

Germaniýadan Türkmenistana wekiliýet geler

Germaniýanyň Maşyngurluşyk bileleşiginiň agzalary şu ýylyň 21-26-njy noýabrynda Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet ministrliginiň adyndan Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada “www.newscentralasia.net” internet neşiri “Monforts” kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

“Monforts” kompaniýasy Germaniýanyň dokma senagaty pudagyndaky iri önüm öndürijileriň biridir. Bu kompaniýanyň dokma senagaty boýunça tehnologik enjamlary Türkmenistanyň birnäçe dokma toplumlarynda netijeli ulanylýar.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň dokma önümleriniň eksporty yzygidelri ýokarlanýar. 2020-nji ýylda 350 million dollarlyk eksport görkezijisi gazanylan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 450 million dollara barabar bolar.

Bu kompaniýanyň dokma enjamlary Babadaýhan we Kaka etraplarynda gurlan dokma toplumlarynda ornaşdyryldy. German kompaniýasynyň yzygidelri boýaýan hem-de matalary guradýan enjamlary türkmen dokma toplumlarynda giňden peýdalanylýar.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Stefan Flet Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň öz kompaniýasynyň enjamlaryny saýlap almagynyň özleri üçin uly abraýdygyny belläp, häzirki wagtda Türkmenistanda kompaniýanyň 15 enjamynyň oturdylandygyny belledi.

Türkmenistanda dokma senagatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin pagta ýüplükleriniň we matalaryň önümçiligini giňeltmek maksat edinilýär. Şol bir wagtda dokalmaýan dokma önümleri ýaly dokma önümleri bazarlaryny hem giňdne ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler