Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.
Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgam barha rowaçlanýar.
Sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmagyň maddy-tehniki binýady hökmünde, geçen ýyllaryň dowamynda bilim edaralarynda zamanabap kompýuter, multimedia enjamlary üstünlikli ornaşdyryldy. Munuň özi internet ulgamyna birikmäge, dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň, meşhur kitaphanalarynyň elektron kitap gorlaryna çuňňur aralaşmaga ýardam berdi.
Häzirki wagtda ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde uzak aralykdan aralaşmak üçin saýtlar, portallar döredilýär. Olardan peýdalanyp talyp ýaşlar gündelik nazary we tejribe sapaklarynda alýan bilim maglumatlarynyň üstüni özbaşdak doldurmaga, sapakdan daşary, öz gyzyklanmalary boýunça maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar. Bu saýtlar we torlar beýleki daşary ýurt okuw mekdepleri bilen sanly ulgam arkaly birikmäge, özara okuw sapaklaryny we ylmy maslahatlary guramaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň tapgyrlarynyň barşynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Bu bilim portallary elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Şonuň ýaly-da, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bu ugurdaky işler ýurdumyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga we netijede ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli bilim bermäge ýardam edýär.
XXI asyrda ösüşiň tizligi batly depginde artýar. Häzirki döwürde bilim bermegiň barşynda innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyplaryň okamak we öwrenmek bilen bagly işiniň häsiýetiniň we hiliniň ýokarlanmagyna alyp barýar.
Adaty okuwlar geçilen mahalynda testleriň ýa-da synaglaryň netijelerine garaşmak köp wagty talap edýär. Elektron maksatnamalar arkaly tabşyryk berjaý edilenden soňra, onuň netijesi bilen dessine tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Bu okuwyň hilini ep-esli derejede ýokarlandyrýar.
Elektron maksatnamalaryň üsti bilen okuw prosesinde ähli talyplaryň işjeňligini üpjün edip bolýar. Maksatnamalarda dürli tekstleri, fotosuratlary, wideoşekilli maglumatlary, sesleri we animasiýalary peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Hormatly Arkadagymyz «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýen kitabynda şeýle belleýär: «Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar. Biziň bilim syýasatymyzyň esasy maksady ýurdumyzyň her bir raýaty üçin bilim almagyň elýeterli bolmagyny gazanmakdyr».
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä tejribesi we täze tehnologiýalar bilen ösüşli menzillere gadam goýýar. Dünýäniň ösen tejribeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimli, terbiýeli, tejribeli şahsyýetleriň taýýarlanmagyna we kemala gelmegine oňyn täsir edýär.
Gülşat Amansaryýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň talyby.