SPORT

Bişkekde sambo boýunça dünýä çempionaty badalga alýar

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde sambo boýunça dünýä çempionatyna badalga berilýär. Dünýä çempionaty 3 ugur – zenanlaryň, erkekleriň we söweş sambasy boýunça geçiriler.

Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 51 döwletinden 500 türgen Bişkek şäherine bardy. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy Wasiliý Şestakow belledi.

Sambo boýunça dünýä çempionatynda Awstraliýam Bahreýn, Boliwiýa, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Wenesuela, Jibuti, Kolumbiýa, Mali, Meksika, ABŞ, Çili, Ýaponiýa ýaly ýurtlardan türgenler bar.

Şeýle hem bu çempionata ilkinji gezek bosgunlar topary hem gatnaşýar. Mundan başga-da, Burkina-Faso, Jibuti we Saud Arabystany ýaly ýurtlar ilkinji gezek bu çempionatda orun alýar.

Russiýanyň, Belarusyň hem-de Fransiýanyň türgenleri Halkara sambo federasiýasynyň baýdagy bilen çykyş ederler.

Related posts

AFK-nyň kubogy — 2020 ýatyrylyp bilner

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri

Maksat Meredow ― agyr atletika boýunça Aziýanyň wise-çempiony!

Leave a Comment