JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy:TDG-niň ýurtlaryny ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TDG bilen ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy. Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisinde belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmegi biziň doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyry boldy.

«Biz ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi isleýäris. Hususan-da, döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlar hakynda gürrüň barýar. Biz olary harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýum serişdeleriniň ýewraziýa giňişligindäki hereketiniň durnukly esasy ulgamy hökmünde görýäris» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn üns çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň möhüm bölegi hasaplaýarys.

«Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Bu bolsa, häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji hökmünde çykyş edýär» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

«Bu işde bar bolan bäsdeşlik artykmaçlygyny peýdalanyp, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetiki ugurlary döretmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny öz wagtynda hem-de işjeň üpjün etmeli. Munuň ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimize öwrülmelidigine ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy üns çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi