DÜNÝÄ

Türkmenistan-ABŞ: saglygy goraýyş ulgamynda ähtnama gol çekildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ýurdumyzda saparda boldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Donald Lu Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyp, türkmen-amerikan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselesine garadylar, şeýle hem halkara we sebit meselelerine, şol sanda owgan meselesine-de degip geçdiler.

Gepleşikleriň dowamynda aç-açanlyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň we depginli ösýändigi bellenildi.

Diplomatlar “Merkezi Aziýa – ABŞ” (C5 + 1) görnüşindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini ara alyp maslahatlaşdylar we geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň netijeliligini bellediler.

Söwda we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin taraplaryň özara ygrarlylygy tassyklandy. Şol bir wagtyň özünde, taraplar  “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň işini güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlaryndaky bilelikdäki işler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde bellendi, bu ugurlar boýunça birnäçe maksatnama we taslama durmuşa geçirilýär.

Howanyň üýtgemegi we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ýaly daşky gurşaw meselelerine-de üns berildi.

Taraplar saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini bellediler.

Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistan hökümeti bilen ABŞ-nyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy