BIZNES

Ýanwar-oktýabr: 10 aýyň ykdysady görkezijileri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, on aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanýar. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 39,1 göterim köpeldi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,3 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 sany birža söwdasy geçirilip, 31 müň şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 114,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 16 sergi we 50 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça on aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 172,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,9 göterime deň boldy.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer