BIZNES

Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi: 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Rowşan Nejafyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet golaýda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebit we gazy – 2022” halkara sergisine we maslahatyna gatnaşypdy. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Halkara nebitgaz forumynda çykyşy eden Azerbaýjanyň nebit komapniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmek babatda degişli hukuk binýadynyň döredilendigini belläp, “Dostluk” känini özleşdirmek boýunça ähtnamanyň hem möhüm bolup durýandygyny belledi.

Azerbaýjanyň wekili “Dostluk” käniniň bilelikde özleşdirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky tebigy gaz pudagyndaky özära bähbitli hyzmatdaşlyk babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny mälim etdi.

SOCAR-yň ýolbaşçysy Günorta gaz geçelgesiniň diňe bir Azerbaýjan üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin hem uly ähmiýete eýedigini belledi.

Ol Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi arkaly dünýä bazaryna 32 million tonna türkmen nebitiniň eksport edilendigini aýdyp, nebitgaz pudagynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyny belläpdi.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi