SIZDEN GELENLER

Ulag diplomatiýasy: täze ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän, bütin dünýä bilen hoşniýetli dostluk gatnaşyklaryny ýola goýýan, üstaşyr geçirmek babatynda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta üstaşyr ulag geçelgeleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem-de ahyrky netijede türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şol nukdaýnazardan, bu ulgamy täze belentliklere götermek ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup, ol milli strategiýa esaslanýar. Milli strategiýa laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr logistiki düzümini döwrebaplaşdyrmak ilerledilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ileri tutulyp, milli ykdysadyýetiň, sebit we bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi bermekde möhüm ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän işler özüniň mynasyp miwelerini berýär. Has takygy, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna we mundan beýläk hem ýurduň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde derejesiniň berkidilmegine gönükdirilen strategik möhüm çäreleri göz öňünde tutýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda amala aşyrylýan tagallalary ykrar edýär.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň syýasy-hukuk binýadyny berkidýän resminamalar barada aýdylanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalary aýratyn ähmiýete eýedir. Ýakyn ýyllarda ulag diplomatiýasy boýunça halkara hukukda esas goýujy resminamalar hökmünde Kararnamalaryň dördüsi kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamanyň mazmunynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015, 2017-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalara, şeýle hem 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň jemlerine, şeýle hem maslahatda kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna salgylanylýar.

Owganystany Türkiýe hem-de Ýewropa bilen birleşdirýän «Lapis-Lazuli» geçelgesiniň geljegi uludyr. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň hem-de Türkiýäniň arasynda bu geçelge baradaky ylalaşyga gol çekildi. Bu ulag geçelgesi sebitiň ykdysady taýdan goşulyşmagyny ýokarlandyrmaga, Owganystany dünýä söwdasyna çekmek arkaly, onuň halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda ýardam bermäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň üsti boýunça ösdürilýän «Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» ulag ugry, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ugry boýunça Türkmenistanyň üstünden geçýän TRACECA halkara ulag geçelgesi möhüm ähmiýetlidir.

Ýakynda gurluşygyna badalga berlen, Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek awtomobil köprüsi halkara awtomobil ýük daşamalarynyň ösdürilmegine goşmaça kuwwatly itergi berer.

Aşgabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Kerki şäherlerinde Halkara howa menzilleri bar. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýedinji Halkara howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi.

Ýylda 27 million tonnadan gowrak ýüki işläp bilýän Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda kuwwatly logistika merkezine öwrülýär.

Döwletgeldi Pötdiýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün