Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani öz ýurdunyň türkmen tebigy gazyny satyn almaga gyzyklanma bildirýändigini beleldi.
– Diňe Ýewropa Bileleşigi däl, eýsem Gruziýa hem Türkmenistandan tebigy gaz iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýöne, ilki bilen türkmen tebigy gazyny Azerbaýjanyň bazaryna çykarmaly. Munuň üçin halkara hyzmatdaşlygyň tagallalary bilen çözmek bolar. Ýewropa Bileleşiginiň, Günorta Kawkazyň, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we senagat wekilleriniň gatnaşmagynda giň gerimli gepleşikler geçirmek zerurdyr – diýip, Georgiý Çikowani Aşgabatda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.
Çikowani häzirki wagtda dünýäniň energetika bazarynda çylşyrymly ýagdaýyň dowam edýändigini belläp, Türkmenistanyň tebigy gaza bolan islegi kanagatlandyrmak üçin ýeterlik möçberde gorunyň bardygyny belledi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty 28-nji oktýabra çenli öz işini dowam eder.
