BIZNES

Daşary we içerki bazarlarda nebit önümleri we halylar islegden peýdalandy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $456 müň we 154,5 million manat bolan 32 geleşik baglaşyldy.

Owganystanyň wekili 1 müň tonna suwuklandyrylan gazy satyn aldy, önümiň bir tonnasynyň bahasy $456 bilen bahalandyryldy. Degişlilikde geleşigiň umumy bahasy $456 müň barabar boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler nebit önümleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda 56 million manada 5 müň tonna jemleýji nebit koksyny, 28,2 million manada 2 müň tonna gyzdyrylan nebit koksyny, 1,8 million manada 70 tonna TPPZ 30 G görnüşli poliprepileni, 26,1 million manada 1 müň tonna TPP В 30 S görnüşli poliprepileni hem-de 42,3 million manada 3 müň tonna SN-350 görnüşli başlangyç ýagy satyn aldylar.

Şeýle hem türkmen işewürleri söwdalaryň dowamynda bahasy 40 müň manatdan gowrak bolan 17 inedördül metrden gowrak el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Related posts

Türkmenistan fark attı: 62 Madalya

vepa

Her ulagdan 86 müň ýewro peýda gördi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz türk işewüri Erman Ylyjagy kabul etti

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment