DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda özygtyýarly ösüş ýyllarynda Gazagystanyň döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny nygtap, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň oňyn we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda: “Men ýaňy-ýakynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparymy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Bu sapar biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek, iki ýurduň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak ýolunda möhüm tapgyr boldy” diýip nygtady we gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy