Düýn Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlisde Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri Size ýetirýäris.
Lebap welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler:
- Welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Döwletli, Farap etraplaryny ýatyryp, Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasyny hem-de Hojahaýran, Miras, Täzedurmuş, Berkararlyk, Pagtaçy, Tallymerjen geňeşliklerini Hojambaz etrabynyň düzümine geçirmek;
- Döwletli etrabynyň Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Daşrabat, Burguçy, Ýalkym, Türkmenistan, Serdar geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmek;
- Farap etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Çärjew etrabynyň düzümine geçirmek;
- Halaç etrabynyň Garabekewül şäherini, Yslam şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly, Soltanjeňňel obalaryny hem-de Soltanýazgala, Dostluk, Seýdi, Lamma, Akgala, Rahmançäge, Ärsarybaba, Baý, Zelili adyndaky geňeşliklerini Saýat etrabyna geçirmek teklip edilýär.
- Şeýle-de iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini ýatyryp, onuň Pagtaçy obasyny Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek;
- Döwletli etrabynyň Miras geňeşligini ýatyryp, onuň Miras we Garagum obalaryny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek;
- Serdar geňeşligini ýatyryp, onuň Serdar we Dostluk obalaryny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine geçirmek;
- Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligini ýatyryp, onuň Jeýhun obasyny Halaç geňeşliginiň düzümine geçirmek;
- Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini ýatyryp, onuň Gülüstan obasyny Kyrköýli geňeşliginiň düzümine geçirmek;
- Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligini ýatyryp, onuň Ýürekdepe we Aýrybaba obalaryny Çärjew geňeşliginiň düzümine geçirmek;
- Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Miweçiler we Gyzylýarymaý obalaryny Tejribeçiler geňeşliginiň düzümine geçirmek
- Tejribeçiler geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Çarbagdepe adyny dakmak;
- Çärjew etrabynda ýörite ýer gaznasynyň çäginde dörän täze ilatly ýere oba derejesini bermek we oňa Dostluk adyny dakmak, ol obany Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.
- Welaýatyň etraplarynyň birleşdirilmegi netijesinde bir etrabyň çäginde atlary gabat gelýän birmeňzeş atly obalaryň atlaryny üýtgetmegiň zerurdygyny nazara alyp, Awçy geňeşliginiň Lebap obasynyň adyny üýtgedip, oňa Lebapoba adyny dakmak;
- Çekiç geňeşliginiň Täzeoba obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny dakmak;
- Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Abadan adyny dakmak;
- Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň Ýalkym obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ak altyn adyny dakmak;
- Bereket geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, Rowaçlyk adyny dakmak;
- N.Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasynyň adyny üýtgedip, Magtymguly Pyragy adyny dakmak;
- Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, Balh adyny dakmak;
- Garnas geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, Çarşaňňy atlaryny dakmak teklip edilýär.
Şeýlelikde, Çärjew, Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 14 etrapdaky şäheri, 24 şäherçäni, 97 sany geňeşligi we 430 sany obany Lebap welaýatynyň çäginde galdyrmak kararyna gelindi.
Daşoguz welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler
Balkan welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler
Ahal welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler