JEMGYÝET

Ahal welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Mejlisde  Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde  birnäçe teklipler edildi :

  1. Etrap hukukly Tejen şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Tejen şäherini Tejen etrabynyň düzümine geçirmek;
  2. Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Kasamly jülge obasyny, Gäwers geňeşliginiň Guryhowdan obasyny hem-de Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Birleşik obasynyň ilatynyň 50 adamdan azdygy sebäpli, Birleşik obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak;
  3. Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Döwletabat obasynyň we Garaman geňeşliginiň Garaman obasynyň Sarahs şäherine birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirip, Döwletabat obasyny hem-de Garaman geňeşligini, Garaman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak;
  4. Iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ak bugdaý etrabynyň Akýaýla geňeşligini ýatyryp, onuň Akýaýla obasyny we Berkararlyk şäherçesiniň Balykçy obasyny Ýaşlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek;
  5. Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşligini ýatyryp, onuň Gäwers hem-de Gäwers bekedi obalaryny Bereketli zaman şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek;
  6. Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň A.Garlyýew adyndaky obasyny Zähmet geňeşliginiň düzümine, Garajaowlak obasyny bolsa Garawekil geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  7. Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Şükür bagşy adyndaky obasyny Duşak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek;
  8. Tejen etrabynyň Lukman geňeşligini ýatyryp, onuň Lukman obasyny Waharman geňeşliginiň düzümine geçirmek; Tejen etrabynyň Seleňli geňeşligini ýatyryp, onuň Seleňli obasyny Zaman geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ak bugdaý, Babadaýhan, Bäherden, Gökdepe, Kaka, Sarahs we Tejen etraplary, 8 sany etrapdaky şäheri, 9 şäherçäni, 82 geňeşligi we 231 sany obany Ahal welaýatynyň çäginde galdyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy