DÜNÝÄ

Italiýanyň ilkinji zenan Premýer-ministri

Italiýanyň “Italiýa doganlar” partiýasynyň ýolbaşçysy Jorja Meloni ýurduň ilkinji zenan hökümet başlygy hökmünde täze hökümeti düzmäge girişdi.

Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella täze Premýer-ministri Jorja Melonini kabul edip, ony parlament saýlawlaryna gazanan ýeňşi bilen gutlady we täze hökümeit düzmek boýunça wezipäni tabşyrdy.

– Täze hökümet başlygy mandaty kabul etdi we Prezidente ministrleriň düzümini hödürledi – diýip, Prezident kanselýariýasynyň baş sekretary Ugo Dzampetti habar berdi.

Ýurduň täze hökümet başlygy Italiýanyň täze hökümetiniň işiniň esasy ugrunyň energiýa göterijileriň ýokary bahasy bilen bagly meselelere çözgüt tapmakdan ybarat boljakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Italiýada geçirilen parlament saýlawlarynda “Italiýa doganlar”, “Liga” hem-de “Öňe, Italiýa” partiýalary güýçlerini birleşdirip, ýeňiş gazandy.

Şonuň netijesinde, 45 ýaşyndaky Jorja Meloni ýurduň ilkinji zenan Premýer-ministri derejesini aldy.

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň milli jebislik güni

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi Owganystanyň DIM-de gepleşikleri geçirdi

“Japan + Central Asia” Dialogue was held in Tokyo

vepa

Leave a Comment