«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Diýarymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny has-da ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Ykdysady ösüşleriň aýdyň ýoly bilen geljege barýan ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetine mahsus bolan oňyn ösüşleriniň aýdyň mysallarynyň köpdügini buýsanç bilen bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesini mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bähbidini nazarlap kabul edýän ähli resminamalarynyň, amala aşyrýan işleriniň özenini ykdysady öňegidişlik düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmegi we döwrebap işleri amala aşyrmagy türkmen halkymyzy, Türkmenistan döwletimizi dünýä meşhur edýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen innowasion ösüş strategiýasyna laýyklykda, senagat pudaklaryny has-da ösdürmek göz öňünde tutulýar. Häzir ýurdumyzda, aýratyn-da, Balkan welaýatynda ýerleşýän himiýa ugurly iri senagat toplumlary uly işleri alyp barýar.
Diýarymyzyň sebitleriniň ösüşine badalga berjek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bişofit, epsomit, magniý oksidi we magniý metaly ýaly himiki birleşmeler natriý sulfat önümçiliginiň taşlandy şerebelerini gaýtadan işlemegiň esasynda öndüriler.
Mineral dökünleri öndürmek boýunça ozal bar bolan önümçilik binýady tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar. Netijede, azot, karbamid, kaliý, fosfor we beýleki zerur önümleriň öndürilişi barha ýokarlandy. Munuň özi diňe bir içerki bazardaky islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, milli önümleri köp möçberde eksporta ugratmaga-da mümkinçilik döretdi. 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde açylyp ulanmaga berlen täze zawodyň şeýle ýokary netijeleri gazanmakda paýy uludyr. Täze önümçilik toplumy ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işläp, bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, her gije-gündizde 2 müň, ýylda 660 müň tonna sintetik ammiagy öndürmäge niýetlenendir. Onuň önümleri ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň jemi möçberiniň artmagyna kuwwatly itergi berdi.
. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň binýadynda ulanyşa girizilen, ýyllyk kuwwaty 21 müň tonna deň bolan biaksial ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze önümhana bu ugurda içerki islegi kanagatlandyrmaga we polimeriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berdi.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu işler hemme ugry öz içine alyp, innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagynda, hususy ulgamyň ösdürilmeginde aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýet ähli pudaklaryň ösüşini, möhüm ugurlaryny özünde jemleýär, çünki ösüşiň ýokarylygy ykdysadyýetiň kuwwatlylygy bilen berk baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ähli ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we giňden durmuşa ornaşdyrylýar.
Akgözel Suwlyyyewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
