JEMGYÝET

Gazagystan Türkmenistandan tebigy gaz satyn alar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary üstünlikli tamamlandy. Ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri boýunça 14 resminama gol çekildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň tebigy gazyny Gazagystana ibermek boýuna möhüm ylalaşyk baglaşyldy. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gepleşikleriň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Kasym-Žomart Tokaýew tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda pikir alşylandygyny belläp, ” Biziň kompaniýalarymyz “QazaqGaz” we “Türkmengaz” türkmen tebigy gazyny import etmek boýunça şertnama gol çekişdiler. Men Türkmenistanyň Prezidentine bu taslamany ilerletmek babatda beren şahsy goldawy üçin hoşallygymy bildirýärin. Biz uzakmöhletleýin şertnama baglaşmaga hem-de tebigy gazyň ýyllyk import möçberini 1,5 milliard kubmetre çenli artdyrmaga gyzyklanma bildirýäris – diýip, belläp geçdi.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti öz ýurdunyň wekilleriniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri energetika taslamalaryna gatnaşmaga isleg bildirýändigini mlim edip, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de gazhimiýa pudaklarynda özara bähbitli taslamalary ösdürmek üçin taýýardyklaryny mälim etdi.

Şeýle hem geljekde gazak bugdaýyny türkmen bazaryna eksport etmek hem-de türkmen-owgan serhedinde däne terminalyny gurmak meselesine hem seredilendigini belledi.

Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär