BIZNES

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak teklip edildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde eden çykyşynda geljek ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýanyň medeniýet we sungat festiwalyny guramagy teklip etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan biziň ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ugurly aragatnaşyklary ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara syýasatdaky çylşyrymlylygyň ýitileşýän şertlerinde Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň halklarynyň taryhy ykbalynyň umumylygyny, biziň esasy gymmatlyklarymyzyň, däplerimiziň hem-de ahlak kadalarymyzyň ýakynlygyny görkezýändigi üçin ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň aýratyn zerurdygyny belledi.

Related posts

Türkmenistan Azerbaýjandaky halkara lukmançylyk sergisine çagyrylýar

ABŞ-da ugleroddan azat zawod gurar

Ata Watan Eserleri

Omanly işewür Türkmenistanyň nebit önümlerine gyzyklanma bildirýär

Leave a Comment