Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde berkarar döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Saglyk — munuň özi adama sagdyn durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga mümkinçilik berýän ýagdaýdyr, ýagny adamyň ruhy, fiziki we durmuş taýdan abadan ömür sürmekligini aňladýar. Saglyk her bir adam üçin bahasyna ýetip bolmaýan baýlykdyr hem-de ynsan bagtynyň esasy şerti bolup durýar. Jemgyýetiň ösüşi bilen halkyň saglygy özara jebis baglanyşyklydyr.
Bedenterbiýe we sport adama güýç, çydamlylyk, tizlik, çalasynlyk berýär, onuň ünsüni artdyrýar. Fiziki maşklaryň kömegi arkaly keselleriň öňüni almak bilen birlikde keselleri bejerip bolýar, ýagny adamlar agyr şikeslerden soň maşklar arkaly saglygyny dikeldýärler.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak fiziki işe ukyplylygy höweslendirýär, bedeniň gorag mümkinçiliklerini emele getirýär we ugrukdyrýar, bedeniň daşky gurşawa uýgunlaşmagyna ýardam edýär, şeýlelikde, adamyň ýaşynyň ulalmagy bilen döräp biljek keselleriň öňüni alýar, netijede bolsa, adamyň işjeň ömür dowamlylygyny uzaldýar.
Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde sport döwleti hökmünde uly ykrarnama eýe bolmagynyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasaty bilen amala aşyrylan beýik işleriň durýandygyny ýokarda hem belläp geçipdik. Ýurdumyzda sanlyja ýyllarda sport ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň, giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ak mermerden paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi we beýleki iri möçberli sport desgalary, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde 10 müň tomaşaçy orunlyk döwrebap stadionlar, häzirki zaman atçylyk sport toplumlary, şäherlerde, şäherçelerde, obalarda bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarydyr sport mekdepleri, dürli sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi.
Olar Diýarymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyna güwä geçýän aýdyň subutnamalardyr. Bu günki gün halkymyzyň, esasanam, ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesine hemişe eýerýän, sport bilen meşgullanmaklygy öz durmuş kadasyna öwren adamlar bolup ýetişmeklerinde, ýaramaz pişelerden, zyýanly endiklerden hemişelik daşda bolmaklarynda bu desgalaryň ähmiýetiniň örän uludygy öz-özünden düşnüklidir.
Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň, parahatçylygyň hem abadançylygyň dabaralanmagyna goşýan goşandynyň nusgalykdygynyň güwäsidir. Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti hem-de beýleki dürli halkara we sebitara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde ýurdumyzyň sport abraýynyň barha belende göterilýändigini nygtamak, Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň halkara derejede sport babatda öňe süren birnäçe başlangyçlarynyň uly ykrarnama eýe bolandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr.
Humaý Akmämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
