DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk ertir Gazagystanda geçiriljek GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitiniň öňüsyrasynda guraldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar GDA-nyň çägindäki daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesinde Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe çözgüt kabul edildi.

Daşary işler ministrleri şu ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek GDA sammitinde döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenýän resminamalaryň taslamasy barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi