Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine laýyklykda, sebitde we dünýäde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, öz öňünde açylýan mümkinçilikleri has-da giňeltmäge we ählumumy bähbitleri sazlaşdyrmak arkaly sebitde we bütin dünýäde abadançylygy, durnuklylygy, parahatçylygy berkarar etmäge derwaýys goşandyny goşýar.
Garaşsyz ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny durmuşa geçirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen daşary ykdysady gatnaşyklarda öňde goýulýan maksatlar tapgyrlaýyn, yzygiderli we netijeli häsiýete eýedir. Muny Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamynda durnukly ulag we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça kabul edilen Kararnamalary hem aýdyň görkezýär. Bu halkara resminamalar diňe bir ýurdumyz üçin ykdysady bähbitli bolman, ählumumy bähbitleri we amatly şertleri göz öňünde tutýar.
Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde VI Hazar sammitiniň, onuň yzysüre, 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini görmek bolýar.
Ýurdumyzda ulag ulgamynyň infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Munuň netijesinde, täze-täze awtoýollar, howa menzilleri, demirýollary gurulýar. Ine şu günlerde ýene-de bir möhüm taslamanyň durmuşa geçirilendiginiň ‘şaýady bolduk.
Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular.
Döwrebap demir ýol köprüsiniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250 metre barabardyr. Köpriniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen gurluşyk önümleri, şeýle hem öz ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy.
Täze köpriniň gurulmagy ýurdumyzyň üstünden halk hojalyk ýüklerini alyp geçýän ýük we ýolagçy otlularynyň işini döwrebap derejede guramaga ýardam berer. Üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, awtomobil, demir ýollarynyň hyzmatynyň hilini gowulandyrmak, ulaglar pudagyndaky ösüşleri ilerletmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmekde düýpli maýalary goýup, uly işleriň başyny başlady. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bu işleriň aýdyň netijeleridir. Täze badalga alan, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli bolan awtomobil ýoly, şeýle-de onuň ugrundaky ikitaraplaýyn gatnawly awtoulag köprüsi Hazar sebitiniň milli we halkara logistika infrastrukturasynyň üstüni ýetirer.
Serdar Baýramow,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
