JEMGYÝET

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä gutlag haty iberildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini, özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar netijesinde, iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Zelenskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ukrainanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Halkara zenanlar güni: aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine täze ýolbaşçy bellendi

BM’den Aşkabat Önleyici Diplomasi Merkezi’ne büyük destek

vepa

Leave a Comment