SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

10-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 10-njy oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün gynansak-da, dynç alyp bilmersiňiz. Ünsli bolmaly, bolup geçýän zatlara dogry baha bermegi başarmaly. Gereksiz problemalaryň gökden düşüp duýdansyz “kelläňize urmak” ähtimallygy ýokarydyr. Şonuň üçin goranmagy başaryň we özüňizi kämilleşdirjek boluň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Durmuş potensialy ösýär. Özüneçekijilik, duýgurlyk we döredijilik artýar. Ýoldaşyňyz bilen ýüze çykýan gapma-garşylygy diňe özara düşünişmek ýa-da tüýs ýürekden söhbetdeşlik netijesinde çözüp bolar. Gün meditasiýa geçmek, saglygyňyza seretmek, maşk etmek üçin amatly.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Beýlekiler bilen gapma-garşylyklara sebäp boljak pikirleriň ýüze çykmagy we öz-özüňize şübhelenmegiňiz mümkindir. Geljek üçin meýilnama düzmek, gutarnykly karar bermek islenmeýär. Günüň ikinji ýarymynda söýgi gatnaşyklary amatly.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Häzirki wagtda eden her bir işiňizi amala aşyryp bilersiňiz.  Daş-töweregiňizi zehinli adamlaryň gurşaýandygyny duýmek siz üçin aýratyn ýakymly bolar. Häzirki wagtda myhmanlary kabul etmek gaty amatly. Ýakynlaryňyza köp ýakymly pursatlary paýlap bilersiňiz. Durmuşyň getirýän zatlaryndan lezzet almagy öwreniň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün ýakynlaryňyzyň goldawyny we kömegini duýup bilersiňiz. Öňki günlerde meýilleşdirilen ähli oňyn zatlaryň durmuşa geçirilmegi ähtimal. Jynsy potensial we şahsy ozüneçekijiligiňiz artar, bu bolsa, esetleriň işine we saglygyna peýdaly täsir eder.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Aladalar romantiki döwürleriň gutarýandygyny görkezýär we ýoldaşyňyzyň duýgularyna garamazdan derrew öz maksadyňyza ýetmek islegi geljekki gatnaşyklaryňyzy bozup biler. Syýahatlary, gezelençleri we uly satyn alyşlary yza süýşüriň. Mundan başga-da, öz öýüňizde sazlaşyk gazanmak üçin bir zatlar etmäge synanyşmaly bolarsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Belki, durmuşyňyzda bir zady üýtgetmek islegiňiz bolar. Ýöne howlukmaň – bu gün düýpli üýtgeşmeler üçin iň amatly gün däl. Köne ýürek söýgüsiniň täzelenmegi ähtimal. Saglygyňyza we iýmitiňize aýratyn üns beriň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Aragatnaşygy giňeltmek üçin amatly döwür. Täze tanyşlar ýa-da köne gatnaşyklaryň täzelenmegi ähtimal. Durmuş potensialy ýokary derejededir, bu bolsa islendik işe kynçylyksyz çemeleşmäge mümkinçilik berer. Uzak syýahatlardan saklanmaly.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Gün dynç almak üçin amatly. Işleri yza süýşüriň, agyr fiziki zähmet bilen meşgullanmaň. Tötänleýin şikes ýa-da kesel öň bellenen meýilnamalara päsgel berip biler. Ýakynda ýakymsyz wakalaryň we habarlaryň gelmegi mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Täze tanyşlar, azatlyk, gyzykly güýmenjeler üçin amatly gün. Bu gün amala aşyrylan döredijilik hyjuwy durmuşyňyzy düýpgöter üýtgedip, sizi täze, öň ýetip bilmedik belentlikleriňize çykaryp biler. Ýöne maşgalaňyzdan we dostlaryňyzdan kömege garaşmaň – hemme zady özüňiz ediň. Toparlaýyn işler, aragatnaşyk üçin gowy gün.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün, ýakyn geljekde meýilnamalaryňyzyň nä derejede üýtgejekdigini görkezer. Ruhy, döredijilik mümkinçilikleri köpelýär. Görkezilen meýilnamalarda üýtgeşmeler bolup biler. Alamatlara eýeriň we pikirleriňizi dogry düşündiriň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Durmuş ýörelgelerini we dünýägaraýyş synagynyň alamaty bilen geçjek işli gün. Belki-de, şu günem öz pikirleriňizi, bähbitleriňizi goramaly bolarsyňyz. Hiç kimiň erbet täsirine düşmezlige çalşyň. Günüň ikinji ýarymynda keýpiň we abadançylygyň erbetleşmegi mümkin.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama