SPORT

“Formula 1” ýaryşynyň çempiony – Maks Werstappen

Köp sanly motor sportlarynyň janköýerleriniň hem-de muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan “Formula 1” ýaryşynyň 2022-nji ýyldaky ýeňijisi mälim boldy. Ýaryş möwsüminiň tamamlanmagyna 4 hepde galanda niderlandly türgen Maks Werstappen bassyr 2-nji çempionlygyny gazandy.

“Formula 1” ýaryşynyň şu möwsümdäki 18-nji ýayşy bolan Ýaponiýa Gran-Pri bäsleşiginde “Red Bull” toparynyň türgeni Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol şeýlelikde, bassyr 2-nji gezek çempionlygyny gazandy.

Niderlandly türgen 25 utuk alyp, umumy utuklarynyň sanyny 366-a ýetirdi. Möwsümiň tamamlanmagyna 4 ýaryş galandygyna garamazdan, Werstappen ikinji orundaky topardaşy Serhio Perezden 113 utuk öňe saýlandy.

Şeýlelikde, niderlandly türgen “Formula 1” ýaryşynyň 17 sany öňdebaryjy türgenleriniň hataryna ynamly goşuldy. Ol Mihael Şumaher, Fernando Alonso we Lýuis Hemilton ýaly meşhur türgenleriň hatarynda orun alyp başlady.

 

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy