JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda döwlet saparynda bolar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, geljek hepde Gazagystanda köp sanly möhüm wakalar bolar.

Geljek hepdäniň dowamynda Gazagystanda Türkmenistanyň, Türkiýäniň Prezidentleriniň hem-de Katar döwletiniň Emiriniň döwlet saparylary göz öňünde tutulýar.
– 11-12-nji oktýabrda Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani döwlet saparynda bolar.
– 12-13-nji oktýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan döwlet saparynda bolar.
– 13-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň VI sammiti geçiriler.
– 14-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisi geçiriler, Şol gün “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti göz öňünde tutulandyr.

– 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary göz öňünde tutulandyr. 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň iň uly metjidine baryp gördi

Ekologiýa çäresi: jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, AGİT Parlamenterler Meclisi toplantısına katıldı

vepa

Leave a Comment