DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýada iş saparynda bolýar

Ýewropa Geňeşiniň wekilleri bilen «Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy» boýunça 2020-2023 ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde ikitaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistan wekiliýetiniň Strasburg şäherine (Fransiýa) 4 günlük iş sapary başlandy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Saparyň ilkinji gününde Ýewropa Geňeşiniň Merkezi edarasynda ýygnaklar geçirildi we olarda Ýewropa Geňeşiniň agzasy bolmadyk döwletler bilen gatnaşyklar, Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky tehniki hyzmatdaşlyk we umumy hukuk giňişliginiň döredilmegine hemaýat bermek – guramanyň agzasy bolmadyk döwletler üçin goşuluşmaga açyk bolan Ýewropa Geňeşiniň Konwensiýasyna goşulmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Öňümizdäki üç günüň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe ýygnaklarda Merkezi Aziýada hukugyň üsti bilen Demokratiýa üçin Ýewropa komissiýasy (Wenesiýa komissiýasy) bilen, Merkezi Aziýada hukukçylar üçin adam hukuklary çygrynda bilim boýunça Ýewropanyň maksatnamasy (HELP) bilen bagly meseleleri, Ýewropa Geňeşiniň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça, şeýle hem ykdysady jenaýatlara garşy göreşde (CA TAEC) hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi