SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary ýola goýlar

Ýaponiýada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Premýer-ministr Fumio Kisida döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada bir pikirdediklerini beýan etdiler.

Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýän parlamentleriň derejesinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň bardygy barada aýdyldy.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň esasy şertini emele getirýär. Türkmenistan Ýaponiýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleriniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň tagallasy netijesinde Türkmenistana 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýumyň goýlandygyny ýatlap, bu toplumlarda häzirki wagtda uly möçberde önümçilik bilen meşgullanylýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, ulag logistikasynyň ösdürilmeginiň häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat —―Tokio, Tokio — Aşgabat ugry boýunça howa ýollary arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda döredilen ulag-logistika mümkinçilikleriniň Ýaponiýanyň öz önümlerini Türkmenistanyň üsti bilen, ýagny Hazar deňzinden Gara deňzine, soňra Ýewropa çykarmaga oňaýly ýagdaýy döredip biljekdigini belledi. Munuň özi iki tarap üçin hem bähbitli bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri