DÜNÝÄ

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Şu ýylyň iýulynda aradan çykan Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy. Bu çärä 1967-nji ýyldan soňra döwlet derejesinde geçirilýän matam çäresi boldy. 55 ýyl mundan ozal, Ýaponiýanyň şol döwürdäki Premýer-ministri Sigeru Ýesida uüçin çäre guralypdy.

Sindzo Abe üçin döwlet derejesindäki matam çäresi Tokio şäherindäki “Nippon budokan” sport-konsert merkezinde guraldy. Matam çäresinde döwlet gimni ýaňlandy we hormatly garawulynyň geçiş dabarasyndan soňra zalda goýlan uly ekranda Abeniň syýasy durmuşynyň esasy wakalary açyp görkezýän wideofilm görkezildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida hoşlaşyk sözüni sözläp, Abeniň hökümet baştutany wezipesinde iň köp wagt zähmet çeken ýolbaşçy bolandygyny belledi. Şeýle hem Abeniň iňjeň diplomatiýasy barada durup geçdi.

Matam çäresine 4 müňden gowrak adam gatnaşdy. Olaryň arasynda 700-e golaý daşary ýurt wekiliýeti bar. Olaryň hatarynda ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Awstraliýanyň ýolýaşçysy Entoni Albaneze, Singapuryň Premýer-ministri Li sýan Lun, Ýewropa Geňeşinuň Başlygy Şarl Mişel bar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ýaponiýada iş saparynda bolýar we bu ýurtdaky döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi