BIZNES

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatorynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

TASS habarlar gullugynyň bellemegine görä, taraplar energetika, gämigurluşyk, oba hojalyk önümleri Sankt-Peterburga ibermek, infrastruktura taslamaryny gurmak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Beglow Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň Sankt-Peterburgyň söwda nokatlarynda satylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şeýle hem öz tarapyndan Türkmenistana derman serişdeleri, elektronika, mikroelektronika, azyk we konditer önümlerini eksport etmäge taýýardyklaryny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanda we Sankt-Peterburgda söwda öýleriniň açylmagyna babatda pikir alşyldy. Munuň ikitaraplaýyn ykdysayd hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilik berjekdigi aýdyldy.

Related posts

Türkmenistan’da yeni enstitü kuruldu

vepa

Türkmenistanda banan we sitrus önümleri öndüriler

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: türk işewürleri polipropilen aldy

Leave a Comment