BILIM

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

2022-2023-nji täze okuw ýylyndan ýurdumyzda 12 sany orta mekdebiň 5-siniň italýan, 7-siniň iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilendigini bellemek bolar.

“Türkmenistan” gazetindäki habar görä, italýan dilini öwretmekde tassyklanan okuw gollanmalary esasynda bilim berilýär. Bu dili öwrenip başlan çagalar geçilýän her bir sapagy doly özleşdirmäge çalyşýarlar. Bu bolsa olaryň italýan dilini tiz öwrenmeklerine getirýär. Okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşyp, geçilenleri doly özleşdirýändikleri olara guwanjymyzy, ynamymyzy artdyrýar.

Italýan dilini öwretmek ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 5 — 12-nji synplary aralygynda göz öňünde tutulandyr.

Related posts

Iňlis nakyllary Türkmen dilinde : Makul Sözlük

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Hytaýda 1200 türkmen talyby bilim alýar

Leave a Comment