DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Gana Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gana Respublikasynyň Prezidenti Nana Akufo-Addo hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nana Akufo-Addo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Gana Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Related posts

Mirasyny itine goýdy

Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar

BSG-niň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment