Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala geldi hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy.
Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen we bütindünýä olimpiýa hereketine girişmek üçin Türkmenistan halkara sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmen türgenleri halkara sport oýunlary hem-de Aziýanyň Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşýar. Halkara sport oýunlary sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýär.
Aziýa oýunlary hem Aziada ady bilen tanalyp, her 4 ýylda bir gezek geçirilýän Aziýanyň iri sport ýaryşydyr. Ol bu yklymda 1951-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu oýunlar Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň howandarlygynda geçirilýär. Onuň gözegçiligini Halkara Olimpiýa komiteti amala aşyrýar.
Aziýa oýunlary bilen bir hatarda gyşky Aziýa oýunlary, Ýapyk binalarda Aziýa oýunlary, Aziýanyň kenarýaka oýunlary we beýleki sebitleýin ýaryşlary geçirilýär.
Aziýa Oýunlary Uzak Gündogarda ýola goýuldy. Ilkibaşda Hytaýyň, Ýaponiýanyň we Filippinleriň gatnaşmagynda 1913-1934-nji ýyllar aralygynda geçirildi. 1948-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň sport assosiasiýasyny döretmek teklip edildi. 1982-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň federasiýasy Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edildi. Soňra bu edaranyň ady Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi boldy.
Aziýanyň oýunlarynyň gerimi her geçen ýyl ulalýar. Sport görnüşleriniň sany hem artdyrylýar. Täze sport görnüşleri goşulýar.
Türkmenistan döwletimiz hem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şonuň netijesinde, 2017-nji ýylda ýurdumyzda yklymyň iri sport ýaryşlarynyň biri bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.
Häzirki wagtda hem ýurdumyzda sporta uly ähmiýet berilýär. Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimiz yzygiderli döwlet tarapyndan sylaglanýar.
Merjen Aşyrowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
