DÜNÝÄ

ŞHG-niň sammitiniň birinji güni: möhüm wakalar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 15-16-njy sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 22-nji mejlisi geçirilýär. Bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.

Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde bu sammit geçirilýär. Sammitiň birinji gününde oňa gatnaşmak üçin gelen döwlet Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Şonuň çäklerinde birnäçe möhüm ylalaşyklar baglaşyldy.

ŞHG-NIŇ SAMMITINIŇ BIRINJI GÜNÜNE KIMLER GATNAŞDY

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçirilýän sammite gatnaşmak üçin Samarkant şäherine Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žormat Tokaýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif ýe Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bardylar.

DEMIRÝOL GURLUŞYGY

Sammitiň çäklerinde Özbegistanyň, Hytaýyň we Gyrgyzystanyň arasynda “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýol gurluşygy taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyga gol çekildi.

TEHNIKA BILEN ÜPJÜN ETMEK

Hytaý kömek hökmünde Gyrgyzystana ýangyn we halas ediş enjamlary we mobil hassahanasy kömegini berer.

ŞERTTNAMALAR

Özbegistan bilen Hytaý söwda-ykdysady, maýa goýum we maliýe-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça 15 milliard dollarlyk şertnamalar baglaşdy.

Azerbaýjan bilen Özbegistanyň Prezidenti bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döretmegi hem-de nebitgaz, awtomobil gurluşygy, himiýa senagaty we oba hojalygy ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak boýunça ylalaşdylar.

Belarus bilen Özbegistan azyk önümlerini eksport etmek boýunça ylalaşdylar.

Wladimir Putin rus-hytaý-mongol ykdysady geçelgesi ulanyş möhletini ýene-de 5 ýyl uzaltmak teklip edildi.

EÝRAN ŞHG-NIŇ GELJEKKI AGZASY

Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolmagy üçin ylalaşyk gazanyldy. Şoňa laýyklykda, Eýranyň guramanyň doly hukukly agzasy bolmak üçin ähli şertler döredilýär.

ŞHG we ÝUNESKO

Sammitiň çäklerine ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min bilen ÝUNESKO-nyň Özbegistandaky wekili Sara Noşadiniň arasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2023-2027-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler.

Ýene-de okaň

Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylap güni Aşgabatda bellendi

Makron: Fransiýa Ýewropanyň emeli aň merkezi bolar

Ata Watan Eserleri

Tusk: Polşa Ýewropanyň öňdebaryjy ýurduna öwrüler

Türkmenistanyň wekiliýeti Tährandaky üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Gwatemala Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Eýrana sapary meýilleşdirilýär