DÜNÝÄ

92 ýurduň Prezidenti BMG-niň belent münberinden çykyş eder

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlady. 20-njy sentýabrda bu mejlisiň çäklerinde ýokary derejedäki syýasy forum geçirilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň metbugat gullugynyň ýaýradan habaryna görä, ýokary derejeli forumda 4 ýurt wise-prezident, 61 ýurt hökümet baştutany derejesinde wekilçilik eder. Şeýle hem bu foruma wise-premýerler we daşary işler ministrler gatnaşar.

Ýöne ýokary derejedäki çykyşlara käbir düzedişler girizilmegi mümkin. 19-njy sentýabrda Şa zenany Ýelizaweta II soňky ýoluna ugradylýandygy sebäpli köp ýurduň ýolbaşçylar bu çärä gatnaşýarlar.

Related posts

Bütindünýä bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

vepa

Russiýa bilen Türkiýe tebigy gazda rubl bilen hasaplaşar

Ata Watan Eserleri

Ýary gije harby ýöriş geçirildi

Ata Watan Eserleri