SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy: Sentýabr

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş sentýabr aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.Umuman aýdanyňda, awgust amatly aý bolar, ondan aýratyn päsgelçiliklere we kynçylyklara garaşyp oturmaň. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary saklamak we birek-birege goldaw bermek möhümdir. Özüňizde bolup geçýän zatlaryň hemmesine aşa uly baha bermäň. Esasy zat özüňize üns beriň we gowy zatlara garaşyň.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Sentýabr aýynda ýyldyzlar hamallara ünsi täze taslamalara gönükdirmäge, öz daşky görnüşini gowulaşdyrmaga, beýleki adamlar bilen gatnaşygyny üýtgetmäge, durmuşyny we şahsyýetini täzelemäge bagyşlamagy maslahat berýärler. Söýgi meselesinde olar adatdakysyndan has utanjaň bolar. Bu aý kömegiňize mätäç diýip pikir edýän adama ýüz tutup bilersiňiz. Sentýabr aýynda hamallar ýadawlyk duýup bilerler, uky bilen bagly kynçylyklar ýüze çykyp biler we ýakymsyz endikleriň döremek mümkinçiligi bar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda sowurlar diňe içki sesini diňlemeli: daşardan hemme zat dogry we ýerlikli görünse-de, seresap bolmaly we duýgularyňa bil baglamaly. Bu köp kynçylyklardan gaça durmaga mümkinçilik berer. Belki sentýabr aýynda ýakynlaryňyzyň biri bilen romantik gatnaşykda bolarsyňyz. Ýa-da tersine, möhüm biriňiziň ygtybarly dost we hyzmatdaş bolýandygyny görersiňiz, onuň bilen bilelikdäki işe başlarsyňyz. Abadançylygyňyz barada aýdylanda bolsa, bu tarapdan size hiç zat howp salmaýar, häzir siz islendik hassalygy aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän fiziki güýçden we janlylykdan doly bolarsyňyz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Sentýabr aýynda jöwzalar üçin beýlekiler bilen aragatnaşyk kyn bolar. Belki bu käbir içerki sebäpleriňizden bolup biler, ýa-da, häzirki ýagdaýy pikirlenmek üçin jöwzalar yza çekilmäge we özleri bilen aýratyn bolmaga mejbur etjek käbir wakalar bolup biler. Saglygyňyza aýratyn üns beriň. Dowamly keseller sizde hasam erbetleşip biler, şonuň üçin öňüni almagy ýatdan çykarmaň we zerur bolsa lukmana ýüz tutuň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlara sentýabr aýy işde täze strategiýany düzmek, edýän işleriňiziň uzak möhletleýin maksatlaryňyza ýetmegine nähili täsir etjekdigi hakda oýlanmak üçin iň amatly döwürdir. Gyzykly adamlar bilen tanyşmaga mümkinçilik taparsyňyz, olaryň biri size aşyk bolup biler. Adaty bolmadyk ýa-da ekzotik iýmitleri synap iýip görmekden gaça duruň – allergiýa ýa-da zäherlenmek mümkindir.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Sentýabr aýynda esetleriň öňünde täze mümkinçilikler açylar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gepleşiklere başlap bilersiňiz. Ýeke bolsaňyz, bu aý bir syrly adamlar sizi özüne çeker. Siz öz gyzyklanýan adamyňyzyň içini öwrenmek islärsiňiz. Ýöne eger-de isleýän çuňlugyňyzy tapmasaňyz, derrew bu gatnaşyklardan ýüz öwürersiňiz. Belki, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda esetler öz durmuşynda oňyn üýtgeşmeleri öňe sürjek biri bilen hakykatdanam duşuşar. Sowuklama ähtimallygy barha artýar, şonuň üçin güýzüň ýagty, ýöne aldawly güneşine ynanmaň. Aýyň ahyrynda köçede seresap boluň we iýmitiňize üns beriň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ähli zatlara has giňişleýin sereder we belki-de köp pikirlerinden ýüz öwürer. Olar islendik gapma-garşylygy aňsatlyk bilen çözüp biler. Ýeri gelende aýtsak, dawaňyz bar bolsa, bu amatly pursatdan peýdalanyň, parahatçylyk gurmagyň wagty geldi. Saglygyňyz barada aýdylanda bolsa, sizi biynjalyk zatlaryň gatybir howply däldigine göz ýetirersiňiz. Ukuda käbir problemalar bolup biler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Sentýabr mizanlar üçin haýsydyr bir gepleşik geçirmek üçin amatly pursat bolar – söhbetdeşiňizi hakykatdanam diňleseňiz we onuň pikirine düşünmäge synanyşsaňyz ähli zat şowuna bolar. Ýoldaşyňyz bu döwürde siziň aladaňyza we ünsüňize mätäç bolup biler, belki-de ol size has köp jogapkärçilik çekmäge synanyşar. Bu aý ýeke mizanlar söýgi aýlawyna howlukmazdan ozal saýlan adamyna has gowy göz aýlamalydyr. Iýýän iýmitleriňiziň hiline üns beriň, has sagdynlaryny saýlaň we erbet endiklerden dynmaga synanyşyň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda akraplar bu wagty amallary guramak we hemme zadyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin ulanmaly. Ähtimal, bu döwürde dynç almak, durmuşdan lezzet almak we hatda başdan geçirmeler gözläp başlamak islegiňiz bolar. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ýalňyz akraplar romantiki tanyşlyklary özüne çekmekde kynçylyk çekmez. Bu aý akraplar aşgazan problemalaryndan ejir çekip biler, şonuň üçin-de iýmitiňize üns beriň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu döwürde kowuslaryň ünsi, esasan, özüňizi nädip doly derejede görkezip biljekdigiňize gönükdiriler we ol näçe özboluşly bolsa, şonça-da gowy. Hatda wagtal-wagtal öwünip hem bilersiňiz, ýöne bu diňe tanalmaga we minnetdarlyga mätäçligiňiz sebäpli bolýar. Häzirki wagt ýoldaşyňyzyň ýanynda uly lezzet bilen wagt geçirersiňiz, öýde bişirilen naharlardan lezzet alarsyňyz ýa-da film görersiňiz. Wagtal-wagtal käbir düşünişmezlikleriňiz bar bolsa-da, olar derrew aradan aýrylar, sebäbi bu döwürde siz örän asuda we oňyn bolarsyňyz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Sentýabr aýynda, jediler belli bir zada ähli ünsüni gönükdirmeli boljakdygy sebäpli, şahsy gatnaşyklary berkitmek birneme kyn bolup biler – bu ýerde hemişe dawa-jenjeller ýüze çykar. Mundan beýläk olary hasam agyrlaşdyrmaly däl, esasanam haýsydyr bir möhüm karara geleniňizde gaty ökünip bilersiňiz. Bokurdagyňyzyň we öýkeniňiziň saglygyna has ünsli bolmagyňyzy maslahat berýäris.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu döwürde köp aragatnaşykda bolmagyňyz mümkin. Siz has köp jaň edersiňiz, e-poçta ýazarsyňyz, belki habarçylar bilen gyssagly söhbetdeşlik geçirersiňiz, haýsydyr bir brifing we gysga ýygnak geçirmeli bolarsyňyz. Ýoldaşyňyza bolan duýgularyňyz bu gün has artar. Siz ol adamyň hakykatdanam size degişlidigine we başga hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirersiňiz. Bu döwürde saglyk kynçylyklaryny başdan geçirip bilersiňiz. Bu esasanam orta ýaşly we garry adamlara degişlidir.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Häzirki wagtda siz hiç hili şübheli işlere baş goşmarsyňyz. Özü-de siz haýsy işiň size peýda, haýsysynyň bolsa zyýan getirjegini duýarsyňyz. Bu aý hutlar aýratyn özüne çekiji bolar, daş töweregine-de yhlas we pozitiw emosiýalary ýaýradar. Bu bolsa elbetde, adamlary, şol sanda garşy jynsdaky janköýerleri özüne çeker. Saglygyňyz babatda aýtsak, aýyň başynda hutlar fiziki hereketsizlikden ejir çekip biler. Şonuň üçin-de size sport bilen meşgullanmak maslahat berilýär.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama