BIZNES

Türkmenistan Tatarystanyň nebitgaz forumyna gatnaşdy

Şu ýylyň 31-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy — 2022 (TNF — 2022) geçirildi. Oňa 2 müňden gowrak adam, şol sanda ýurdumyzdan «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň resmi saýtynda habar berilýär.

TNF — 2022-niň gün tertibine laýyklykda, ýangyç-energetika toplumynda pes uglerodly, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, importuň ornuny tutýan önümçilikleri döetmek, ýangy-energetika toplumyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça giň gerimli pikir alyşmalar geçirildi.

3 gün dowam eden forumyň çäklerinde «TatOilExpo» halkara serisi hem guraldy. Oňa Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň nebitgaz pudagynda öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşdylar.

Related posts

Türkmenistanda pagta meýilnamasy ýerine ýetirildi

Ata Watan Eserleri

Erdoğan’dan Türkmen Liderine Nevruz mesajı

vepa

Moda dünýäsinde uly baýrak