SPORT

Obemeýang täzeden Angliýa dolandy

Angliýanyň “Arsenal” toparynyň düzüminden Ispaniýanyň “Barselona” toparyna geçen Pýer-Emerik Obameýang täzeden Angliýanyň çempionatyna dolandy. Ol bu gezek “Çelsi” topary bilen şertnama baglaşdy.

33 ýaşyndaky gabonly hüjümçi bilen London toparynyň arasynda 2024-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama gol çekildi. Transfer’ bahasy 12 million ýewro deň boldy.

2022-nji ýylyň gyşynda Obameyang “Arsenal” bilen şertnamasyny ýatyryp, mugt “Barselona” toparyna geçipdi.

Şeýle hem “Çelsi” topary Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndan Deniz Zakariýany kärendesine aldy. 25 ýaşly ýarymgoragçy soňlugy bilen satyn almak şerti bilen “Çelsi” toparynyň düzümine goşuldy.

Related posts

“Liwerpully” futbolçy Diogo Jota aradan çykdy

Ýylyň boks tutluşygy: ukrainaly boksçy dünýäniň çempiony boldy

Iň köp gol geçiren – Jeými Wardi