Hytaý Halk Respublikasy kosmosda şaly ösdürip ýetişdirmegiň doly tapgyryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
“Wentýan” laboratoriýa moduly bilen kosmosa äkidilen şalynyň tohumy bir aýdan soňra gögerdi. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasy habar berýär.
Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň kosmosda ösümlik ýetişdirmek maksatnamasynyň ýolbaşçysy Çžen Hueýsýun häzirki wagtda şalynyň tohumyny şineletme işiniň üstünlikli amala aşyrylandygyny, bu ugurda hususan-da, gysga dänli şaly 4-5 santimetr boý alandygyny belledi. Hytaýly kosmonawtlar bu nusgalary ýygnap alyp, olary doňdurarlar we soňra Ýewre dolanyp gelenlerinde ýany bilen getirerler.
Hytaýly alym kosmiki mikrograwitasiýa şertlerinde şalyny doly tapgyrynda ösdürip ýeitşdirmek synagynyň amala aşyrylýandygyny mälim etdi.
Bu ugurdaky synaglar geljekde kosmiki syýahatlaryň zerurlyklaryny uzak möhletleýin esasda kanagatlandyrmak üçin möhüm bolup durýar. Şonuň üçin kosmosda azyk önümlerini ýetişdirmek üçin tagalla edilýär.
Hytaýly alym kosmosda ösdürilip ýetişdiriljek ösümlikleriň ýokary hil we hasyllylyk talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.