SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy

Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bu dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Bu kärhananyň ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ugra degişli desgalary dolandyrmakda tejribesi bar. Şu ýylyň aprel aýynda bu hususy kärhananyň Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde-de dermanhanasyny açandygyny ýatlamak ýerlikli bolar.

Täze dermanhananyň iri lukmançylyk edaralarynyň — Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de “Ene mähri” merkeziniň golaýynda amatly ýerde ýerleşmegi adamlaryň yzygiderli gelmegini kepillendirýär. Häzirki zaman sanly enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana arakesmesiz, irden sagat 7-den 23-e çenli işleýär. Dermanhanada hasaplaşygy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyryp bolar.

Umumy meýdany 500 inedördül metr bolan bir gatly, ýagty we giň binada dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny satýan bölümler, ammar we beýlekiler ykjam ýerleşdirildi. Dermanhananyň işgärleri tejribeli hünärmenlerden, maslahat berýän lukmanlardan ybaratdyr. Bu bolsa alyjylara ýokary hünär derejesinde maslahat almaga mümkinçilik berýär.

Dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň giň görnüşleri hem-de lukmançylyk enjamlary, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler, Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndüriji ýurtlarynyň derman serişdeleri we ýörite enjamlary hödürlenilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň metbugat wekilleriniň Türkiýedäki tanyşdyryş sapary

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Özbegistan Bahreýn, Kuweýt we Oman üçin wizany ýatyrýar

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

Aşgabat-Balkanabat, Türkmenabat-Balkanabat, Mary-Balkanabat we Daşoguz-Balkanabat gatnawlary ýola goýulýar