BILIM

1-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlary gününe görülýän taýýarlyk barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň meýilnama boýunça ýokary we orta mekdeplere baryp, ýaşlary täze okwu ýylynyň başlanmagy bilen gutlajakdyklaryny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti şol gün Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçiriljekdigini belläp, wise-premýer Amannepesowa Bilimler we talyp ýaşlary güni mynasybetli geçiriljek dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklar berdi.

 

Related posts

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti: Magistr:2021

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025:Türkmen döwlet maliýe instituty

Ata Watan Eserleri

Türkiýede bilim alan talyplar üçin wajyp maglumat