Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $5,4 million bolan 12 geleşik baglaşyldy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri $3,1 milliona suwuklandyrylan gazyň jemi 6 müň tonnasyny satyn aldylar. STG-niň bahasy geçenki söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 11,4 % pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy $519 barabar boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili söwdalarda TS-1 görnüşli uçar kerosininiň 2 müň tonnasyny satyn aldy. Geleşgiň umumy bahasy $2,3 milliona deň boldy. Nebit önüminiň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 6,5 % ýokarlanyp, bir tonnasynyň bahasy $1 180,50 deň boldy.
